Huawei dodak boýagy şekilinde Freebuds Lipstick 2 gulaklyklaryny çykardy

  • 15.04.2024 13:47
  • 5.3k+

Huawei kompaniýasy dodak boýagy şekilinde gutusy bolan Freebuds Lipstick gulaklyklarynyň ikinji neslini tanyşdyrdy. Bu barada MyDrivers portaly habar berýär.

Gulaklyklaryň zarýad berýän gutusy dodak boýagy görnüşinde ýasalandyr, şol bir wagtyň özünde Huawei Freebuds Lipstick 2-niň özi TWS gulaklyklarynyň adaty dizaýnyna eýedir. Onuň gutusy ak we gara reňkde, gulaklyklaryň özi bolsa kümüş we gyzyl reňkde elýeterlidir.
Huawei Freebuds Lipstick 2 L2HC we LDAC kodeklerini goldaýan 11 mm dinamik draýwerlerine, şeýle hem IP54 standartyna laýyklykda tozandan we çyglylykdan gorag ulgamyna eýedir. Enjamlar gohy basmak funksiýasy bolmazdan 5 sagat ýa-da işjeň gohy basmak funksiýasy bilen 3,5 sagat işleýän akkumulýator bilen üpjün edildi. Şeýle hem öndüriji 2 sagat aýdym diňlemek üçin bary-ýogy 5 minut zarýad bermegiň ýeterlikdigini aýdýar.
Mundan başga-da, gulaklyklaryň birnäçe enjama birikmegi üçin multipoint funksiýasyny goldaýandygy bellenildi. Şeýle hem gutuda gulaklyklardan başga-da, Freebuds Lipstick 2 gutusyny kiçijik ýantorba öwürmäge mümkinçilik berýän berkitmek üçin ýörite gaýyş bar. Gulaklyklar eýýäm Hytaýda 1699 ýuana (takmynan 230 dollar) satylýar.


31.12.2025 08:10
2.7k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...