Çeýl Sonnen bilen Anderson Silwanyň arasyndaky ilkinji söweş UFC-niň Şöhrat zalynda ebedileşdiriler

  • 14.04.2024 21:19
  • 10k+

14-nji aprelde geçirilen UFC 300 ýaryşynda UFC-niň rekord eýesi braziliýaly Anderson Silwa bilen amerikaly Çeýl Sonneniň arasyndaky ilkinji söweşiň promouşeniň Şöhrat zalyna giriziljekdigi mälim edildi. 

Bu söweş 2010-njy ýylyň 17-nji awgustynda UFC 117 ýaryşynda geçirildi. Özüniň treştoky bilen belli bolan Sonnen söweşiň köp böleginde agalyk etdi, ýöne ahyrynda Silwa agyryly usul bilen ýeňiş gazanmagy başardy.
Söweşiň netijesinde UFC-niň ýolbaşçylygy “Agşamyň iň gowy söweşi” kategoriýasynda söweşijilere bonus berdi, Silwa “Agşamyň iň gowy agyryly usuly” üçin hem bonus aldy.
2012-nji ýylda rewanş geçirildi we bu gezek Silwa ikinji raundda tehniki nokaut arkaly wagtyndan ir ýeňiş gazandy.


düýn 18:18
3.4k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......