Altynyň unsiýasy 2300 dollara çenli gymmatlady

  • 06.04.2024 05:31
  • 6.4k+

Aziýanyň çarşenbe günündäki söwdasy altynyň bahasy boýunça täze rekord goýdy. Gymmat bahaly metalyň bir unsiýasy 2306,25 dollara ýetdi.

Çarşenbe güni Çikago söwda biržasynda (CME) iýun altyn şertnamasynyň bahasy 1,18% ýokarlanyp, bir unsiýasy 2308,8 dollar boldy. Bu taryhda iň ýokary dereje boldy.
Gymmat bahaly metalyň bahasy yzygider ýedi gün bäri ýokarlanmagyny dowam edýär.
Investing.com-yň belleýşi ýaly, muňa birnäçe faktor täsirini ýetirdi, şolaryň biri-de Taýwanda çip önümçiligine täsir edip, “ygtybarly” aktiwlere islegiň artmagyna sebäp bolan güýçli ýer titremesidir. Şeýle hem, ABŞ-nyň Merkezi Bankynyň ýolbaşçylarynyň durnukly hümmetsizlenme we ABŞ-da zähmet bazarynyň berkemegi bilen bagly göterim mukdaryny peseltmek boýunca meýilnamalarynyň yza süýşürilmeginiň mümkindigi baradaky teswirleri maýa goýujylary altyn almaga iterdi.
ABŞ-nyň Gazna girdejisiniň ýokarlanandygyna garamazdan, ABŞ-nyň dollary 4,5 aýlyk ýokary bolanlygyndan yza çekildi, şeýlelikde, altyn ABŞ-ly bolmadyk maýadarlar üçin has özüne çekiji boldy.
“Ygtybarly” aktiwlere bolan islegiň platina bilen kümüşe-de täsir edendigi bellenýär. Platina üçin fýuçers 0,3%, kümüş üçin fýuçers bolsa 2,2% ýokarlandy.
Misiň bahasy esasy mis import ediji Hytaýdan gelen oňyn PMI maglumatlarynyň fonunda ýokarlandy.
Seljerijiler ýakyn wagtda altynyň bahasynyň ýokary galjakdygyny çaklaýarlar, ýöne ondan soňky dinamika ABŞ-daky hümmetsizlenme maglumatlaryna, geosyýasy ýagdaýa we Federal ätiýaçlyk bankynyň hereketlerine bagly bolar.

düýn 14:06
2.3k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.5k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......