“Sanly ulgam hyzmatlary” HJ Türkmenistanda awtoulaglara GPS monitoring hyzmatyny hödürleýär

  • 05.04.2024 18:25
  • 14k+

Web programmalar we ykjam goşundylary taýýarlamak, UX/UI dizaýn işleri we 360° wirtual syýahat boýunça IT kompaniýasy bolan “Sanly ulgam hyzmatlary” HJ hyzmatlar toplumyny giňeldýär we ähli isleg bildirýänler üçin “GPS monitoringi” hödürleýär.

Täze hyzmat uzak aralykdan gözegçilik etmek, şeýle-de internetiň üsti bilen obýektiň ýerleşýän ýerine we hereketine hakyky wagtda gözegçilik etmek üçin niýetlenendir.
“GPS monitoring” hyzmaty hem şahsy adamlar, hem biznes segmenti üçin deň derejede gyzykly bolar. Monitoring ulgamynyň görkezijileri esasynda hemişe maglumatlary dessine alyp bilersiňiz we ulag serişdesiniň hakyky hereket ediş wagtyna, onuň durýan we duralgalarynyň ýerlerine, şeýle-de tizlik režiminiň berjaý edilişine gözegçilik edip bilersiňiz. Şeýle maglumatlar kompaniýalara ulagyň hereket tertibiniň berjaý edilýändigi, ýolda garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykandygy, sürüjiniň bellenilen möhlete ýetişýändigi barada maglumat almak üçin zerurdyr, şeýle-de beýleki ulag birlikleri üçin iň amatly ugurlary meýilleşdirmäge kömek eder.

“GPS monitoring” hyzmaty üçin abonent tölegi aýda 50 manat. Bu baha şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • - Awtoulagyň hakyky wagtda ýerleşýän ýerini kesgitlemek;
  • - Islendik wagt gözegçilik edilýän obýektleriň ugurlaryny görkezmek;
  • - Ulag serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylyş ýagdaýlaryny aradan aýyrmak;
  • - Saklanmalar, awtoulag duralgalary, geozonalar, tizligi dolandyrmak we ş.m.

Goşmaça maglumatlar üçin:
Telefon: +993 63 07-67-16

Email: suh@sanly.tm,
sanlyhyzmatlar@gmail.com

Saýt: suh.com.tm


18.06.2026 18:15
2.8k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......