Şu gün Oraza aýynyň mukades Gadyr gijesi

  • 05.04.2024 11:28
  • 15k+

Şu gün, 5-inden 6-syna geçilýän gije Remezan aýynyň, haýyr-sahawatyň mübärek gijesi - Gadyr gijesi gabat gelýär. Ata-babalarymyz Remezan aýyny aýlaryň seresi, Gadyr gijesini gijeleriň serweri hasaplapdyrlar. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesini agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşylapdyrlar.

Musulman dünýäsinde bolşy ýaly, türkmen halky hem Remezan aýyna, şol sanda Gadyr gijesine arzuw-umytlaryň hasyl bolýan, rehim-şepagatyň, ynsanperwerligiň dabaralanýan, haýyr-yhsan işleriň rowaçlanýan aýy hökmünde garaýar. Şonuň üçin-de bu aýyň dowamynda asylly işleri, rehim-şepagatlylygy, mukaddes däp-dessurlary has köp berjaý etmäge, süňňümiz we ahlak babatda päklenmäge, ruhy taýdan täzelenmäge aýratyn üns berilýär.
Ýakynda, has takygy, 29-njy martda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 adamyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.
Remezan aýynyň dowam edýän günlerinde, 27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy-da on iki aýyň soltany bolan Oraza aýyna mynasyp edilen işleriň biri boldy. Şu gün mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem şunuň ýaly täze metjitleriň açyljakdygy bolsa aýdylanlary ýene bir ýola tassyklaýar.

Gadyr gijesi gutly-mübärek bolsun! Bu gijede edýän ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Biribaryň dergahynda kabul bolsun!


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......