Toý mekanlary we hyzmatlary üçin amatly teklip: egin-eşikleri we çehollary bir ýerden sargyt ediň!

  • 27.03.2024 00:04
  • 12k+

Türkmen hususy kärhanasy müşderileriň ýörite sargytlary esasynda, olaryň isleglerini göz öňünde tutup, toý hyzmatlarynyň işgärleriniň ähli düzümi üçin ÝÖRITE-EGIN EŞIKLERI, SKATERTLERI, ÇEHOLLARY, SALFETKALARY taýýarlap berýär.

Logotipi oturdylan egin-eşikler şol toý hyzmatynyň müşderiniň ýadynda galmagyna täsir edýär. Şeýle hem ofisantlaryň egin-eşikleriniň göze gelüwli bolmagy bilen bir hatarda, jana rahat bolmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki işgärler bu egin-eşikde tutuş iş gününi geçirmeli. Bu hususy kärhana egin-eşikleri taýýarlanda, olaryň göze gelüwli, şol bir wagtda hem jana rahat bolmagyny baş maksady edip goýýar. Önümleriň ählisi Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlanylýar.
Bu hususy kärhana önümleriniň hiline, sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine kepil geçýär. Şol bir wagtda hem bahalarynyň amatlydygyny habar berýär. Toý hyzmaty ulgamynda iş alyp barýanlar özleri üçin indiwidual önümleri hem taýýarladyp bilerler. Dizaýn işine müşderiniň islegleri, toý hyzmatynyň reňk sazlaşygy, umuman, islendik ownuk detal göz öňünde tutulýar.

Toý-dabaralaryna her gezek nädip täzeçe öwüşgin berip bolar?
Toý mekanynyň oturgyçlarynyň çehollaryny, stollarynyň skatertlerini wagtal-wagtal täzeläp durmak arkaly tutuş restoranyň, şol sanda göçme toý hyzmatlarynyň içki interýerine täzeçe öwüşgin berip bolar. Bu maliýe taýdan hem örän bähbitlidir. Oturgyçlar üçin çehollary taýýarlamakda hususy kärhana müşderä birnäçe teklipleri hödürleýär, nusgalary görkezýär. Skatertler, çehollar üçin berk hem çydamly materiallar ulanylýar.
Çehollar sargyt edilenden soň, 10 günüň dowamynda taýýarlanylyp berilýär.

Ýakynda bu hususy kärhana Büzmeýinde ýerlesýän Jennet restoranynyň tikinçilik işleriniň ählisini (işgärler düzüminiň egin-eşikleri, salfetkalar, skatertler, çehollar...) dolulygyna ýerine ýetirdi. Tikinçilik işleriniň tutuş toplumy sargyt edilende hususy kärhana uly arzanlaşyklary hödürleýär.
JENNET restoranyndan başga-da, bu kärhananyň müşderileriniň hatarynda Berkarar toý mekany, Hezzet restorany, Täze duşuşyk toý mekany, Nazarly bakyş toý mekany, Ahal toý mekany, Ajaýyp toý hyzmatlary,  Goşa gumry restorany ýaly köp sanly toý mekanlary bar.

Öz restoranyňyzyň, toý hyzmatyňyzyň işgärleri üçin egin-eşikleri, stollaryň üstüne ýapylýan örtgüleri, stullar üçin çehollary, salfetkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
+99365082347


18.06.2026 18:15
3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......