YONEKEY mobil goşundysynda mugt dükan açmak mümkinçiligi döredildi

  • 23.03.2024 21:06
  • 10k+

Türkmenistanyň ähli künjegindäki adamlar üçin Hytaýdan dürli görnüşli harytlary iň arzan bahalardan getirip berýän “Yonekey” ykjam goşundysynda täze hyzmat işläp başlady. Indi islendik telekeçi Yonekey ykjam goşundysynda öz onlaýn dükanyny açyp, satýan harytlaryny ýerleşdirip biler.

150 müňden gowrak ulanyjysy bolan YONEKEY platformasy hemmeleri söwdaňy artdyrmaga ýardam etjek bu hyzmatdan peýdalanmaga çagyrýar.
YONEKEY platformasynda dükan açmak we harytlary ýerleşdirmek MUGT. Ýerleşdirip bolýan harytlaryň sany bolsa ÇÄKSIZDIR.
Onlaýn dükanyňy açmak aňsat. Munuň üçin platformada degişli maglumatlary girizmek ýeterlik. Harytlary telekeçiniň özi girizýär. Müşderi telekeçiniň onlaýn dükanyndan harytlary saýlap sargyt edeninde, telekeçä habarnama barýar.

Eýsem, onlaýn dükanyň nähili artykmaçlyklary bar?

  • Adaty dükandan tapawutlylykda, kärendesine ýer tapmak zerurlygy ýok;
  • 7/24 sagat işläp durýar;
  • Goşmaça işgär saklamak gerek däl. Az sanly adam bilen söwdany dolandyryp bolýar;
  • Onlaýn dükanyň müşderisi köp bolýar. Diňe bir şäheriň däl, eýsem, tutuş ýurduň ilaty harytlary görüp bilýär.

«Yonekey» kärhanasynyň saýtyndan we mobil goşundysyndan erkekler, zenanlar we çagalar üçin egin-eşikleri hem-de aýakgaplary, hojalyk tehnikalaryny, öýe gerekli harytlary, gap-gaçlary we aşhana esbaplaryny, çaga oýunjaklaryny, sport harytlaryny, saz gurallaryny, mekdep we ofis esbaplaryny, bezeg we ideg kosmetika serişdelerini, hojalyk himiýa önümlerini, awtoulaga zerur zatlary we beýlekileri sargyt edip bolýar.
«Yonekey» mobil goşundysyndan harytlary hem bölekleýin, hem lomaý sargyt edip bolýar.
Satyn alnan haryt üçin tölegler Türkmenistanyň milli manadynda bank kartlary arkaly, onlaýn ýa-da nagt görnüşde kabul edilýär.
«Yonekey» mobil goşundysy Google Play we AppStore internet dükanlarynda ýükläp almak üçin  elýeterlidir.

Saýt: yonekey.com


25.05.2026 17:25
3.6k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
7.8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
3.8k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.6k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......