ABŞ-da kitaphananyň okyjylary pişigiň suratyny getirse, ähli bergileri bagyşlanar

  • 19.03.2024 16:59
  • 12k+

ABŞ-daky jemgyýetçilik kitaphanalarynyň birinde adaty bolmadyk aksiýa başlady. Ol «Mart mýawlamasy» diýlip atlandyryldy.

Çäräni Wuster (Massaçusets ştaty) kitaphanasy geçirýär. Onuň maksady kitaplary wagtynda yzyna gaýtarmadyk okyjylary getirmek. Mart aýynda kitap ýitiren ýa-da oňa zeper ýetiren islendik okyjy kitaphananyň işgärine pişigiň suratyny görkezip biler. Munuň üçin onuň "ýazygy" bagyşlanar.
Bu ýagdaýda pişikleriň islendik şekilleri ýerliklidir – diňe bir fotosuratlar däl, eýsem, çekilen suratlar hem bolar. Kitaphana myhmanlar tarapyndan getirilen öý haýwanlarynyň suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşar.
Ýeri gelende bellesek, bu kitaphananyň öý haýwanlary bilen baglanyşykly ilkinji çäresi däl. Haýwanlar gonalgasy bilen bilelikde kitaphanada stressi azaltmak üçin pişikler bilen duşuşyklar guralýar.


25.06.2026 14:47
4.8k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....