Türkmen tennisçisi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempiony boldy

  • 22.01.2024 12:16
  • 9.9k+

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Maskatda (Oman) 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň saýlama çempionatynyň çempiony boldy. Iki tapgyrdan ybarat ýaryşa 13 ýurduň wekilleri gatnaşdy.

Iki ýaryşyň jemi boýunça Ilima ýekelikde iki altyn, Aýlar Kakabaýewa bilen bilelikde çykyş edip hem iki kümüş medal eýeledi.
Ilkinji altyn medal ugrunda bäsleşikde Türkmenistanyň 13 ýaşyndaky ilkinji raketkasy çärýek finalda Tali Essam Ali Al Busaýdi (Oman) - 6:0, 6:0, ýarym finalda Asal Farahbodniai (Eýran) - 6:2, 6:2 hasabynda ýeňdi we finalda Eýranyň beýleki bir wekili Hana Şabanpurdan 6:4, 6:4 hasabynda üstün çykdy.

Ikinji altyn medal Ilima kyn düşdi. Çärýek finalda Arin Al Azkawini (Oman) - 6:1, 6:1 we ýarym finalda bolsa Asal Farahbodniai (Eýran) - 6:1, 6:4 hasaby bilen ýeňiş gazansa-da, 3,5 sagat dowam eden finalda ildeşimiz üçünji torda ýitirildi - 2:5 hasabynda ýeňilýärdi. Ýöne muňa garamazdan, erjellik bilen 4:6, 6:1, 7:5 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.
Ilima Guseýnowa bilen Aýlar Kakabaýewa bilelikde oýnap ilkinji ýaryşda Omandan Tali Essam Ali Al Busaýdini we Salma Issa Al Riýamini - 6:0, 6:1, finalda bolsa Eýrandan Golsa Rahimianamiri/Hana Şabanpour - 4:6, 7:6 (4), 1:10 hasabynda ejiz geldiler. Ikinji ýaryşda ýarym finalda türkmen tennisçileri halkara jübüti Tal Essam Ali Al Busaýdiden (Oman)/Asal Farahbodniaiden (Eýran) 6:1, 6:0 hasabynda rüstem gelseler-de, çekeleşikli finalda eýranly Golsa Rahimianamiriden/Hana Şabanpurdan 6:3, 3:6, 10:12 hasabynda utuldylar.
Umumy hasapda TTF-niň eminler toparynyň başlygy Igor Zubkowyň bäsleşige ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň topary ikinji orun eýeläp, Aziýa çempionatynda (U-14) gatnaşmaga hukuk gazandy. Birinji orna Eýranyň topary, Ýemeniň topary üçünji orna mynasyp boldular.


düýn 11:31
2.8k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....