Amazon harytlary goşgular we balladalar bilen suratlandyrýan emeli aňy işe girizdi

  • 22.01.2024 13:07
  • 2.7k+

Amerikan tehnologiýa korporasiýasy Amazon kompaniýanyň söwda onlaýn platformasynda alyjylaryň önümler baradaky soraglaryna jogap berip bilýän generatiw emeli aňa esaslanýan guraly işe girizdi. Bu barada CNBC ýaýlymy habar berýär.

Marketpleýsiň ykjam goşundysyndaky täze funksiýa emeli aňyň kömegi bilen ulanyjy synlaryndan we görkezilen aýratynlyklardan belli bir harydyň esasy aýratynlyklaryny jemlemäge mümkinçilik berýär.
Amazon-yň wirtual kömekçisi ChatGPT çat-boty ýaly adam bilen söhbetdeşligi alyp barmasa-da, ol döredijilik tekliplerine jogap berýär. Mysal üçin, ondan ol ýa-da beýleki bir harydyň aýratynlyklaryna bagyşlanan aýdym, goşgy ýa-da erteki ýazmagy sorap bolar. Žurnalistlere emeli aňdan “Ýyldyz söweşijilerinden” master Ýodanyň sözleýiş stilinde gyş kurtkasy barada hekaýa almak başartdy.
Soňky aýlarda Amazon öz saýtynda birnäçe emeli aň gurallaryny hödürledi. Geçen ýylyň iýun aýynda kompaniýa emeli aň tarapyndan döredilen önümleriň synlaryny synagdan geçirip başlady hem-de üçünji tarap satyjylar üçin emeli aň funksiýalaryny işe girizdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......