«Täsin Möý-adam» komiksiniň ilkinji sany auksionda 1,38 million dollara satyldy

  • 18.01.2024 17:41
  • 6k+

1963-nji ýylyň mart aýynda çykan «Täsin Möý-adam» komiksiniň 1-nji sany auksionda rekord derejede 1,38 million dollara satyldy. Bu barada mail.ru UPI neşirine salgylanyp habar berýär. Bu neşir komiksleri bahalandyrýan we tertipleşdirýän «Certified Guaranty Company»  kompaniýasynyň 9,8 ballyna mynasyp bolan we durky ajaýyp görnüşde saklanyp galan iki nusganyň biridir.

Söwda «Heritage Auctions» kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Möý-adam baradaky hekaýanyň ilkinji sany üçin alnan mukdar guramanyň öňki rekordyny täzeledi. Öňki rekord bir komiks üçin 520 380 dollardy. Suratkeş Stiw Ditko we ssenarist Sten Li tarapyndan döredilen «Täsin Möý-adam» komiksiniň 1-nji sany ýokary synp mekdep okuwçysy Piter Parker bilen dünýäniň ilkinji gezek tanyşmagyndan ýedi aý soň kiosklarda peýda boldy.
Ol ilkinji gezek «Amazing Fantasy» neşirleriniň birinde peýda boldy. Möý-adam baradaky hekaýanyň ilkinji sany 1963-nji ýylda bary-ýogy 12 sente satyldy. Onda gahryman meşhur Fantastik dörtlük bilen tanyşýar we Hameleona garşy göreşýär.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......