Türkmenistanda Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi tassyklanyldy

  • 11.01.2024 13:45
  • 14k+

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibini tassyklady. Degişli hukuk resminamasy 2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

Bu Tertip Türkmenistanyň çägindäki aw baýlyklary baradaky maglumatlary bir umumy resminama toplamagyň, jemlemegiň, peýdalanmagyň we ulgamlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär.
Aw baýlyklarynyň döwlet kadastry - aw baýlyklary baradaky maglumatlary ulgamlaşdyryp özünde  jemleýän (kitap we elektron görnüşinde) resminamadyr. 
Aw baýlyklarynyň döwlet kadastry Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan aw baýlyklaryna gözegçilik edýän Ygtyýarlandyrylan edaranyň garamagyndaky goraghanalaryň, aw meýdanlaryndan peýdalanyjylaryň, aw hojalygyny ýöredijileriň, Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň her aýda aw baýlyklarynyň görnüşleriniň geografik ýaýraýşy, aw baýlyklarynyň görnüşleriniň mukdary, aw baýlyklarynyň hil häsiýetnamalary, aw baýlyklaryny durnukly peýdalanmak we aw baýlyklarynyň goragy bilen baglanyşykly ýerine ýetirýän işleri barada berýän maglumatlarynyň esasynda ulgam boýunça ýeke-täk görnüşde alnyp barylýar.
Döwlet kadastryna girizilýän maglumatlar gyzyklanýan şahslar üçin elýeter bolmalydyr. Gyzyklanýan şahslaryň resmi ýüz tutmalary esasynda Ygtyýarlandyrylan edara Döwlet kadastryndan soralýan maglumatlary bir aýyň dowamynda berýär.

Resminamanyň doly teksti bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......