Tekje onlaýn marketi mekdep harytlaryny öýde oturan ýeriňden bazar bahasyndan satyn almagy hödürleýär

  • 24.08.2023 19:08
  • 11k+

Mekdep bazarynyň «gyzyşýan» döwründe «Tekje» onlaýn marketi gerekli harytlaryňyzyň ählisini öýde ýa işde oturan ýeriňizden internet arkaly sargyt etmegi hödürleýär.

Howanyň gyzgyn wagty gerekli harydyňy gözläp, uzak aýlanmaga zerurlyk ýok. Öýde oturan ýeriňizden onlaýn markete girip, islän harydyňy bazar bahasyndan öýüňe sargyt edip bolýar.
«Tekje» onlaýn marketi mekdep harytlaryny bazar bahasyndan hem arzan tapyp biljekdigiňizi aýdýar. Mysal üçin,

  • Depder 12 ýaprak, A5 — 0,90 TMT;
  • Gündelik — 4,50 TMT;
  • Ruçkalar — 0,70 teňňeden başlanýar we başga-da arzan bahadan köp sanly harytlary alyp bilersiňiz.

Tekje onlaýn marketi ýurdumyzyň we dünýäniň ýokary hilli brendleriniň harytlaryny bir ýerde hödürleýär. Eltip bermek hyzmaty bolsa, diňe bir Aşgabat şäheriniň içinde däl, eýsem, welaýatlara hem amala aşyrylýar.
Diňe mekdep ýa ofis harytlary däl, «Tekje» onlaýn marketinde durmuşyň ähli zerurlyklary üçin harytlary hödürlenilýär. Onlaýn marketde harytlar kategoriýalar boýunça hem, isleýän harydyň adyny, brendini, kategoriýasyny gözleg meýdançasyna ýazmak arkaly hem gözlenip bilner. Onlaýn marketde Hojalyk tehnikalary, hojalyk harytlary, arassaçylyk serişdeleri, şahsy gözellik we ideg, çaga harytlary, sowgatlyklar, sport we güýmenje, egin-eşik, kanselýariýa harytlary, gurluşyk harytlary, tikinçilik harytlary — kategoriýalar bar.
«Tekje» onlaýn marketinde iň arzan bahalar hem yzygiderli arzanlaşyklar geçirilýär. Onlaýn marketdäki bahalar bilen islendik wagt tanşyp bolýar. Munuň üçin onlaýn marketiň saýtyna girip ýa-da «Tekje» mobil goşundysyny Google Play-den we AppStore-dan ýükläp alyp bilersiňiz.
Sargydyň mukdary 100 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty Aşgabat, Änew, Büzmeýin, Gökdepe sebitlerine MUGT ýerine ýetirilýär. Sargydyň mukdary bellenen mukdardan ýokary bolsa beýleki şäherlere hem eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetiriler.
Eltip berme wagtlary: 13:00 —16:00; 18:00 — 21:00 aralykda
Ekspress eltip berme hyzmatyny sargamak arkaly islän harydyňyzy 2 sagadyň içinde alyp bilersiňiz (Aşgabat ş., goşmaça tölegli)

«Tekje» onlaýn marketini ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we AppStore
Web saýt: tekjemarket.com

düýn 14:55
1.7k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......