Microsoft Excel-e Python programmirleme dilini oturtdy

  • 23.08.2023 23:59
  • 10k+

Microsoft Excel programmasynda Python programmirleme diline goldawy ornaşdyrar.

Microsoft-yň häzirki zaman amallarynyň baş müdiri Stefan Kinnestrand The Verge portalyna beren habarynda: "Python-yň grafikleri we kitaphanalary arkaly Excel-de maglumatlary dolandyryp we gözläp bilersiňiz, soňra Excel-iň formulalaryny, diagrammalaryny we jemleýji tablisalaryny ulanyp bilersiňiz" - diýdi. Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylar maglumatlary wizuallaşdyrmak üçin ýöriteleşdirilen Matplotlib we Seaborn kitaphanalaryny hem ulanyp bilerler.
Täze funksiýalara girmek üçin goşmaça programma üpjünçiligini gurnamak talap edilmeýär. Ilki bilen, programma dilini goldaýan ofis programmasynyň täzelenmesi diňe Windows-da elýeterli bolar, ýöne soňra beýleki platformalarda hem goýberiler. Şeýle hem, Microsoft-yň wekilleri Python-ly Excel-iň beta-wersiýasynyň Microsoft 365 abuna ýazylyşygyna girjekdigini belläp geçdi, ýöne synag tamamlanandan soň, "käbir funksiýalary satyn almak üçin ygtyýarnama talap eder".


09.02.2026 15:19
1.3k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
847

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...

05.02.2026 02:14
791

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär...