Aşgabatdaky «Täsin» çagalar dünýäsi çagalar üçin slaým boýunça güýmenje şüweleňini geçirýär

  • 03.12.2022 11:50
  • 13k+

«Aşgabadyň Ýalkymy» söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän «Täsin» çagalar dünýäsi hemmeleri 4-nji dekabrda çagalar üçin «Slaým» (Slime) boýunça  güýmenje şüweleňine gatnaşmaga çagyrýar.

Slaým näme we ol näme üçin gerek?
Iňlisçeden göni terjime edilende slime — süýüm diýen manyny berýär. Bu ýumşak, ellemek üçin ýakymly material ýelmeşegen bolup, dik hem kese üstlere ýapyşyp, aýrylansoň asla yz galdyrman bilýär.
Slaým bilen edip bolýan zat kän. Oňat hilli slaýmy näçe çekseňem, aňsat-aňsat üzülmez. Nerw dartgynlylygyňy hem gowşatmaga-da ýardam edip biler. Barmagyň bilen dürt, diwara zyň, bar güýjüň bilen ur — slaým ýene öňki durkuna geler.
Çagalar üçin bolsa, slaým öz eliň bilen bir zatlary ýasamak üçin materialdyr.
Ine, çagalaryň oňat güýmenjesi bilen nämeler edip boljakdygy barada hem  «Täsin» çagalar dünýäsi güýmenje şüweleňini geçirer. Şüweleňde çagalara slaým bilen edip boljak birnäçe täsin usullar öwrediler.
Körpejäňizi bu täsin şüweleňden goýmaň! Giriş deslapky sargyt boýunça amala aşyrylar.
Başlanýan wagty: 4-nji dekabr, 18:00-da
Bir biletiň bahasy – 80 manat.

Çagalar üçin kiçijik topjagazlar bilen doldurylan basseýne we bökülýän batuta giriş tölegsiz.

Howlugyň, ýerler çäkli!
Habarlaşmak hem-de ýerleri bronlamak üçin telefon belgileri: 90-78-15 / 90-78-45; +99363 259666
Salgy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 122, «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda merkeziniň 3-nji gaty.

düýn 14:18
3.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......