DÇ — 2022: Polşa Saud Arabystanyndan üstün çykdy

  • 26.11.2022 21:53
  • 8.7k+

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Polşanyň futbolçylary Saud Arabystanyny 2:0 hasap bilen ýeňdiler.

Er-Raýanda geçirilen duşuşygyň 39-njy minudynda Petr Zelinskiý, 82-nji minudynda Robert Lewandowski gol geçirdi.
45+1-nji minutda Saud Arabystanynyň futbolçylary 11 metrlik jerime urgusynyň dürs ýerine ýetirip bilmediler.
Polşa 4 utuk bilen С toparynyň başyny çekýär. Saud Arabystanyň birinji tapgyrda Argentinany ýeňeni sebäpli, 3 utuk bilen ikinji orunda ýerleşdi.
Üçünji orunda Meksika (1 utuk), dördünji orunda bolsa — Argentina (0 utuk) ýerleşdi. Şu gün 00:00-da ikinji tapgyryň çäklerinde Argentina — Meksika duşuşygy bolar.


şu gün 09:53
75

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

düýn 17:21
5.3k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar...

14.12.2025 10:46
19k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi...

13.12.2025 17:42
15k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar...