«Mahabat» müdirligi çagalary onlaýn multfilm şüweleňine gatnaşmaga çagyrýar

  • 28.08.2022 18:54
  • 11k+

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Onlaýn multfilm şüweleňini geçirýär.

Bu şüweleňde müdirlik tarapyndan taýýarlanan multfilmleriň esasynda çagalara test görnüşinde soraglar soralar we 50 utuk gazanan gatnaşyjylara hemaýatkärler tarapyndan, ýagny «Zehin ýoly», «Kämil bilim» okuw merkezlerinde okamak üçin 20% arzanlaşyk petegi we «aydym.com» aýdym portalyndan hem 30 günlük PREMIUM paket sowgat edilýär.

«Bu çäräni geçirmek arkaly çagalaryň ylym öwrenmeklige bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýäris» — diýip müdirligiň başlygy R. Welmiýew belläp geçýär.

Şüweleňe turkmentv.gov.tm saýtynyň üsti bilen islendik enjamdan gatnaşyp bilersiňiz!

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......