«Iber.biz» bilen ýüküňiz ýerde galmaz

  • 15.08.2022 13:15
  • 25k+

Halkara hem-de içerki ýük daşamalaryndan peýdalanmak bu günki gün diňe bir önüm öndürijilerdir telekeçiler üçin däl, eýsem, adaty raýatlar üçin hem adaty ýagdaýa öwrüldi. Şeýlelikde ugradyljak ýüküň aýratynlyklaryna görä ygtybarly, iň  tiz ýoldan we amatly bahadan hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýany tapmak, ýüküň eltip bermek ýagdaýy boýunça aragatnaşyk saklamak aglaba köplüginde häzirki wagtda esasy mesele bolup durýar.
Bu meseläniň çözgüdini «Iber» ulag-logistika merkezi hödürleýär. «Iber» ýakyn we uzak aralyklara (ýurduň içine we daşary ýurtlara) ýüklerini ibermek isleýän raýatlar üçin bu hyzmaty hödürleýän, şeýle hem Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan kompaniýalardan peýdalanmak kynçylyklaryny aradan aýyrýar.

«Iber» portaly müşderileriň talaplaryny bir wagtda birnäçe transport kärhanalaryna ugratmaga hem-de ulgama agza bolan tejribeli kompaniýalaryň berjek teklipleriniň iň amatlysyny saýlap, ýük eltip berjegi tapmagyna ýardam berýär.

Platforma 4 bölümden ybarat:

  • Ýük ugratmak;
  • Ugurlar;
  • Bildirişler;
  • Kärhanalar

Bu nähili işleýär?
Ýüküni (uly ýa kiçi tapawudy ýok) ugratmak isleýän adaty raýat ýa-da kärhana ilki bilen iber.biz portalynda ibermek isleýän ýüküň halkara ýa-da içerki ibermä degişliligini saýlap, zerur maglumatlary doldurmaly:

  • Harydyň ady;
  • Haýsy wagt aralygynda iberilmelidigi;
  • Nireden nirä ibermeli;
  • Ýüküň agramy, kub, býujet (min-max);

Halkara iberme
Degişli maglumatlar doldurylandan soň, «Ýüzlenme ugrat» düwmesine basmaly. Netijede müşderiniň sargydy awtomatik ýagdaýda ýük daşamaga rugsatnamasy bolan we «Iber» portalynda agzalyga duran bir wagtda birnäçe ulag kompaniýalaryna ýetirilýär. Bu kärhanalar müşderiniň sargydy bilen tanşyp, ýüki ibermek boýunça öz tekliplerini berýärler. Müşderä kompaniýalaryň berjek teklipleriniň iň amatlysyny saýlaýmak galýar. Mundan başga-da ýüküň ýagdaýyny yzarlamak üçin hem mümkinçilikler bar.

Içerki iberme
Ýurduň içinde, ýagny şäher içine we welaýatlar arasynda ýükleri ugratmaklyk 1-2 günde amala aşyrylýar. «Iber» hyzmatynyň işgärleri müşderiniň arzasy boýunça ýüküň gapydan gapa eltip berilmegini gurnap berýärler. Her gün 16:00-a çenli jaň hem onlaýn arkaly sargytlar kabul edilýär.
«Iber» platformasynyň hyzmatlaryndan islendik raýat, kärhana ýa-da onlaýn dükanlar peýdalanyp biler. Bu bolsa satyjylaryň eltip bermek işini has hem ýeňilleşdirer. Munuň esasynda eltip bermek hyzmaty çalt hem ygtybarly amala aşyrylar.

«Ugurlar» bölüminde bir nokatdan başga bir nokada transport gurnaýan kompaniýa özünde ýük ýüklemek üçin boş ýeriň bardygy barada habar berip bilýär. Bu ýerde şu maglumatlar berilýär:

  • Sene;
  • Nireden nirä;
  • Awtoulagyň görnüşi;
  • Hususy kärhana

«Bildirişler» bölüminde ulag kompaniýalary logistika degişli bolan dürli bildirişleri ýerleşdirip bilýärler.  

«Iber» diňe müşderiler üçin däl, eýsem, transport we logistika kompaniýalary üçin hem peýdaly


«Iber» portaly diňe bir ýük ugratmak isleýän müşderiler üçin däl, eýsem, ýük ugratmakda öz hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalar üçin hem özüni tanatmaga we täze müşderiler tapmagyna uly mümkinçilikdir. Kompaniýalar portal arkaly müşderiler bilen birek-biregi kanagatlandyrýan ylalaşyga gelýänçä ulgamda aragatnaşyk saklap bilerler.
«Iber hyzmaty» ýük daşamaga rugsatnamasy bolan diňe ynamdar we tejribeli logistika kärhanalaryna agzalyk berip, müşderileriň ýük ygtybarlylygyny goramagy üns merkezinde saklaýar. Platforma kämilleşdirilmäge dowam edýär we logistika kompaniýalary hyzmatdaşlyga çagyrýar.
«Iber» platformasy ýakynda onlaýn mobil goşundysyny çykarmagy hem meýilleşdirýär. 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12486219+993 63997091+99363111647
Saýt: www.iber.biz

07.02.2026 10:52
3.3k+

Tanat – komissiýany aradan aýyrýan marketpleýs

Onlaýn söwda pudagynda uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Täze işe girizilen sanly marketpleýs platformasy Tanat, satyjylardan talap edilýän çökder komissiýalary we ýyllyk tölegleri düýbünden aýyrmagy maksat edinýär...

06.02.2026 10:44
2.4k+

Arkadag şäherindäki sirk dynç gününi ýatdan çykmajak pursatlara öwürýär

Maşgala bilen dynç günüňizi ýatdan çykmajak derejede geçirmek üçin näme etmeli? Bu soraga Arkadag şäheri iň jaýdar jogaby hödürleýär. Her ýekşenbe güni Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde çagalary hem ululary deň derejede özüne çekýän sirk oýunlary görkezilýär...

03.02.2026 13:36
20k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» we Ronaldu effekti: telekeçiler ýokary isleg döwrüne howsala düşmän nädip taýynlanyp biler

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda sagat 18:45-de Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy geçiriler: «Arkadag FK» – «Al-Nasr». Petekler Aşgabat häkimliginiň web-sahypasy we Sanly şäher programma üsti arkaly onlaýn satylýar...

27.01.2026 21:02
12k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...