Turinde «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşigi başlandy

  • 12.05.2022 08:33
  • 7.6k+

Italiýanyň Turin şäheriniň eteginde, Wenariýa şa köşgünde «Ýewrowideniýäniň» 66-njy bäsleşiginiň birinji ýarym finaly badalga aldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Geçen ýyl Maneskin topary Zitti aýdymy bilen ýeňiş gazanandan soň, Italiýa 30 ýyllyk arakesmeden soň, bäsleşigi geçirmäge hukuk gazandy.
Üstümizdäki ýylda «Ýewrowideniýe» 40 ýurduň wekilleri gatnaşar.
Bäsleşigiň prodýuserleri çykyşlarda syýasy äheňiň bolmajakdygyny mälim etdiler.
“Ýewrowideniýäniň” jemleýji tapgyry şenbe güni, 14-nji maýda geçer. 10-njy we 12-nji maýda iki sany ýarym final geçer, onda degişlilikde 17 we 18 ýerine ýetiriji çykyş eder. Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa we Beýik Britaniýa jemleýji tapgyra seçilmesizden geçerler.
Bäsleşige gatnaşyjy ýurtlaryň tomaşaçylary aýdymça telesesberme arkaly ses bererler. Ýöne öz wekillerine ses berip bilmezler.


17.05.2026 14:15
5.8k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.3k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

11.05.2026 18:12
1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......