Çimaýew UFC 273-de Býornsden üstün çykdy

  • 10.04.2022 12:49
  • 11k+

Garyşyk stiliň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ABŞ-nyň Jeksonwill şäherinde geçirilen 273-nji belgili turnirinde braziliýaly Gilbert Býornsden üstün çykdy. 

Ýarym orta agramda tutluşyk üç raund dowam etdi, netijede emin agzalary 29:28 hasabynda asly çeçen bolan şwesiýaly söweşijiniň güýçli bolandygyny biragyzdan ykrar etdiler.
Çimaýew garyşyk başa-baş söweşde 11 söweşiň ählisinde, şol sanda UFC-niň howandarlygynda bäş söweşde ýeňiş gazandy. Býornsiň hasabynda indi 20 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.  


düýn 22:41
2.1k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
12k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......