Horhe Maswidal Kowingtona garşy söweşinden öň UFC bilen täze şertnama baglaşdy

  • 06.03.2022 08:10
  • 7k+

Ýarym orta agramda UFC-niň titulyna öňki dalaşgär Horhe Maswidal Kolbi Kowingtona garşy söweşinden öň gurama bilen täze uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Netijede, ol UFC-niň iň ýokary hak alýan söweşijileriniň üçlügine girdi. Bu barada onuň menejeri Malki Kawa habar berdi diýip, mma.metaratings.ru belleýär.

“Promouşen bilen täze şertnama Horheni UFC-de iň köp girdeji gazanýan üç söweşijiniň birine öwürdi. Bu gowy iş, topar! Men UFC we Hanter Kempbella bu şertnama boýunça biziň bilen işleşendikleri üçin sagbolsun aýdýaryn” – diýip, Malki Kawa Twitterde ýazdy.

37 ýaşly Maswidal soňky gezek oktagona 2021-nji ýylyň aprel aýynda UFC 261 turnirinde çykyp, ikinji raundda nokaut bilen Kamaru Usmandan ýeňildi. 2020-nji ýylyň iýul aýynda UFC 251 turnirinde Horhe emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Usmandan ýeňildi. Onuň hasabynda 35 ýeňiş we 15 ýeňliş bar.  


03.06.2026 13:12
9.7k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.3k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.4k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

22.05.2026 07:07
6k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......