Makgregor çykyşlarynyň bir minudynda 9 mln dollara golaý gazanýar

  • 09.01.2022 14:32
  • 17k+

Olbg platformasy 2021-nji ýylda meşhur türgenler tarapyndan işjeň çykyşlaryň bir minutynda gazanylan pul mukdaryny hasaplady. Gözlegiň netijelerini Sporf ýetirýär diýip, lenta.ru belleýär.

Bu görkeziji boýunça garyşyk stiliň (MMA) irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor lider boldy. Ol geçen ýyl Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çäginde iki söweşe gatnaşdy. Ol amerikaly Dastin Porýe bilen iki gezek söweşdi we iki gezek-de ýeňildi.
Umuman alanyňda, Makgregor oktagonda üç minut boldy. Bu wagtyň içinde ol 22 mln dollar gazandy. Söweşijiniň bir minutda gazanjy 8,69 mln dollar boldy. Makgregora bir million dollar gazanmak üçin bary-ýogy ýedi sekunt işjeňlik gerek boldy.
Makgregordan soň ikinji bolup meksikaly boksçy Saul Alwares gelýär. Onuň bir minutda gazanjy 444 müň dollar boldy. Üçünji orunda amerikan futbolynyň oýunçysy Dak Preskott ýerleşdi. Ol bir minutda 325 müň dollar gazandy.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......