Tokio-2020: türgenlere örtüklerini 30 sekuntlyk ​​çykarmaga rugsat berildi

  • 26.07.2021 02:20
  • 4016
Tokio-2020: türgenlere örtüklerini 30 sekuntlyk ​​çykarmaga rugsat berildi

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky türgenler baýrak gowşurylyş dabarasynda münberde surata düşmek üçin maskalaryny wagtlaýyn aýryp bilerler. Degişli teswirnama ýekşenbe güni Halkara Olimpiýa komiteti (IOC) tarapyndan tassyklandy diýlip, guramanyň web sahypasynda aýdylýar.

Bu resminama laýyklykda, milli gimnler ýerine ýetirilenden soň geçirilýän dabarada türgenler agyz-burun örtüklerini 30 sekuntlyk ​​çykaryp bilerler. Munuň üçin olara aýratyn yşarat berler. Şol bir wagtyň özünde, her bir türgen hökmany suratda münberdäki öz basgançagynda galmaly bolar. Medallar bilen surata düşenlerinden soň, olar ýene-de agyz-burun örtüklerini ​​dakynmaly bolarlar.
Şeýle hem, Halkara olimpiýa komiteti kümüş we bürünç medal gazananlara ýeňiji bilen bile surata düşmek üçin münberiň ýokarsyna çykmaga rugsat berdi. Ýöne şonda ähli türgenleriň maskada bolmagy hökmany diýlip kesgitlenildi.
Mundan başga-da, öň Halkara olimpiýa komiteti sportçulara koronawirusyň öňüni almak üçin şahsy çäreleri görmelidigini ýatladypdy. Hususan-da, muňa guramaçylaryň talap edýän ýerlerinde maska ​​geýmek düzgüni degişlidir. Maska geýmegiň zerurlygy baradaky sorag Oýunlaryň anna güni geçirilen açylyş dabarasynda milli ýygyndylaryň ýörişinde birnäçe sportçynyň bu talaby ýerine ýetirmändigi sebäpli ýene-de ýüze çykdy.
Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň 8-nji awgustda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.


20.07.2022 15:04
5709

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň senesi belli boldy

Los-Anjelesdäki 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary 14-nji iýuldan 30-njy iýul aralygynda geçiriler diýlip, ýaryşlary guraýjylaryň resmi saýtynda habar berilýär. Muny sportmail.ru ýetirýär. Seneler Halkara...

21.02.2022 14:05
4857

Pekindäki Gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

Pekindäki Gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah yglan etdi. Oýunlaryň ýapylyş dabarasy Pekindäki Milli stadionda geçirildi. Olimpiadanyň barşynda...

12.12.2021 09:05
2996

HOK Olimpiada-2028-iň maksatnamasyna gaýa dyrmaşmagy, sýorfingi we skeýtbordingi goşmak isleýär

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) ýerine ýetiriji komiteti gaýa dyrmaşmagyň, sýorfingiň we skeýtbordingiň 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli bolandygyny göz öňünde tutup, olary 2028...

20.10.2021 18:50
2662

2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Oýunlaryň Olimpiýa alawy Pekine getirildi

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Oýunlaryň Olimpiýa alawy Afinadan Hytaýa getirildi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär. Onuň maglumatlary boýunça, çarşenbe güni irden Pekindäki...