Dünýäde bosgunlaryň sany 82,4 mln-a ýetdi

  • 21.06.2021 19:28
  • 9.7k+

2020-nji ýylda uruşdan we kemsitmelerden gaçyp, ýurduny taşlamaga mejbur bolan adamlaryň sany 4 göterim ýokarlanyp, 82,4 milliona ýetdi. Bu barada BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň hasabatyna salgylanyp, Day.Az habar berýär.

«Koronawirus pandemiýasyna garamazdan, uruşdyr kemsitmelerden, yzarlamalardan we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan gaçýanlaryň sany 2020-nnji ýylda, takmynan, 82,4 million adama çenli ýokarlandy. Munuň özi 2019-njy ýylyň ahyrynda 79,5 million adama deňdi. 12 aýda umumy bu görkezijiniň ösüşi 4 göterime ýetdi» diýip, bilermenler belleýärler.

Goraga mätäçleriň 48 milliony ýurduň içinde ondan-oňa göçüp ýörenlerdir. Esasan, Afrikadaky, Ýemendäki, Owganystandaky, Kolumbiýadaky çökgünlikler sebäpli, olaryň sany bir ýylda 2,3 milliondan gowrak artdy. Mejbury migrantlaryň 42 göterimi kämillik ýaşyna ýetmedik çagalardyr, takmynan, 1 million çaga bolsa bosgun bolup doguldy.

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....