Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda resminama gol çekildi

  • 10.04.2021 08:34
  • 21k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün eder.
Şu ýyl Türkmenistan boýunça 18 müň 300 gektar ýer meýdanyna ekin ekip, 82 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonna şaly, Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektar meýdandan 47 müň 400 tonna şaly almak meýilleşdirilýär.

düýn 16:51
5.1k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....