Putin gaýtadan prezidentlige dalaş etmegine mümkinçilik berýän kanuna gol çekdi

  • 07.04.2021 17:14
  • 24k+

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin beýlekiler bilen bir hatarda, oňa ýene-de döwlet baştutany wezipesine dalaş etmek hukugyny berýän kanuna gol çekdi. Resminama duşenbe güni hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda neşir edildi. Bu barada TASS habar berýär.

Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek üçin kanunyň birnäçe düzgünleri işlenip düzüldi. Esasy kanunyň täze düzgünleriniň birine görä, şol bir adamyň Russiýa Federasiýasynyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirip biljek möhletleriniň çäklendirilmegi, öňki prezident möhletlerini hasaba almazdan, häzirki döwlet baştutanyna degişlidir.
Şeýlelik bilen, bu kada häzirki döwlet baştutanyna ýene iki möhlet prezident wezipesini eýelemäge mümkinçilik berýär.
Resminama döwlet baştutany wezipesine Russiýa Federasiýasynyň 35 ýaşdan kiçi bolmadyk, bu ýurtda azyndan 25 ýyl hemişe ýaşan, şeýle-de ozal başga bir döwletiň raýatlygyna ýa-da ýaşamak üçin ygtyýarnamasyna hiç haçan eýe bolmadyk we bolmaýan raýatynyň saýlanyp biljekdigini kesgitleýär. Bu düzgün “ozal federal konstitusion kanuna laýyklykda, RF-de kabul edilen ýa-da bir bölegi kabul edilen döwletiň raýatlygyna eýe bolan” ruslara degişli däldir.

düýn 22:25
794

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi birnäçe duşuşyklary geçirdi: syýasat, ykdysadyýet we lukmançylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek......

düýn 09:20
1.7k+

Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň......

düýn 00:07
7.3k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerine seretdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi diýip,......

03.04.2026 16:12
2.2k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....