Türkmenistan we Çehiýa syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 20.02.2021 14:23
  • 3.3k+

19-njy fewralda Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde onlaýn görnüşinde geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Wepa Hajiýew hem-de Martin Tlapan iki ýurduň daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryny hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Çehiýa tarapy Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ilerledilmegine ýardam bermek bilen birlikde, sebit hem-de halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.   
Taraplar oňyn mümkinçilikleri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň Söwda-syýasat edaralarynyň we işewürler toparynyň arasynda onlaýn duşuşyklary guramagyň meselelerine hem seredilip geçildi.
Dünýädäki pandemiýa ýagdaýlary, onuň durmuş-ykdysady netijeleri barada gürrüň etmek bilen, taraplar Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika we energohowpsuzlyk meseleleri dogrusynda pikirler alşyldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryna hem seredip geçdiler.

şu gün 19:48
92

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

şu gün 19:34
404

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......

şu gün 19:23
730

Aşgabatda Şehitler metjidiniň namaz okalýan ýeri giňeldildi

Häzirki wagtda Aşgabatda 500 orunlyk Şehitler metjidini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu mesele Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça......

şu gün 19:19
246

Aşgabatda çagalar döredijilik merkezlerini we kitaphanany gurmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary hödürlenildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Aşgabatda «Güneşli» çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy, şeýle hem......