IRU Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky başlangyçlaryny goldaýar

  • 03.02.2021 22:39
  • 6.8k+

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideo ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.  

Türkmenistanyň DIM-inde habar bermeklerine görä, Umberto de Pretto Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda we sebitde diňe bir ýol ulaglarynyň ulgamynda däl-de, eýsem, infrastrukturanyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara gatnawlarynyň üpjün edilmegi boýunça başlangyjynyň ilerledilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şonuň ýaly-da, 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna görülýän taýýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

şu gün 09:48
1.2k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

düýn 16:51
7k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.8k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
14k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......