Baýdeniň reýtingi pese gaçyp başlady

  • 03.02.2021 16:01
  • 18k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň reýtingi wezipesine başlan ilkinji günleri bilen deňeşdirilende, 2 göterim pese gaçdy diýip, “Hill” gazeti ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Degişli derňew 28-29-njy ýanwar aralygynda neşir tarapyndan Harris derňew gullugy bilen bilelikde geçirildi. Onuň netijelerine görä, sorag edilenleriň 61%-i Baýdeniň döwlet baştutany hökmünde işini goldaýar. 21-22-nji ýanwar aralygynda geçirilen pikir soraşmanyň dowamynda soraga gatnaşanlaryň 63%-i Baýdeniň işine oňyn baha beripdi.
Pikir soraşmanyň netijesinde respublikan saýlawçylaryň arasynda demokrat Baýdeniň işiniň tassyklanyş derejesiniň 30%-den 24%-e çenli peselendigi mälim edildi. Demokratlaryň tarapdarlarynyň arasynda goldaw öňki derejesinde galdy – 94%.
Pikir soraşma hasaba alnan 945 saýlawçynyň arasynda geçirildi. Statistik ýalňyşlyk, takmynan, 3,19 göterim.
Ýatlap geçsek, Jo Baýden 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine girişdi.

düýn 16:51
5.1k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....