Gyrgyzystanyň prezident saýlawlarynda Sadyr Žaparow öňde barýar

  • 11.01.2021 18:12
  • 6.8k+

Sadyr Japarow Gyrgyzystanyň prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda býulletenleriň 98%-i sanalandan soň, 79 göterim ses bilen öňde barýar diýip, respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň deslapky maglumatlary delillendirýär. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Saýlaw gutularyndaky enjamlar 2476-dan 2425 saýlaw uçastogyndan sesleri sanamaga ýetişdi. Bu saýlaw uçastoklarynda Japarowa 1,117 milliondan gowrak adam ýa-da saýlawçylaryň 79,2 göterimi ses berdi.
Saýlaw uçastoklarynyň 71 göteriminden sesleriň el bilen sanalmagynyň esasynda alnan maglumatlar boýunça-da, Japarow öňde barýar. Häzir onda sesleriň 80%-i bar. Kanun boýunça el bilen sanama ses berişligiň ahyrky netijelerini çykarmak üçin möhümdir.
Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesine 17 dalaşgär bardy. MST-niň deslapky maglumatlaryndan görnüşi ýaly, ikinji orny 6,5%-den gowrak ses alan Adahan Madumarow eýeledi. Üçünji Babyrjan Tolbaýew boldy – 3%-den az. Beýleki dalaşgärler 2%-i hem almadylar.
Prezident saýlawlary bilen bir hatarda respublikada dolandyryş formasyny saýlamak boýunça referendum geçirildi. Deslapky netijelere görä, raýatlaryň 80 göterimden gowragy dolandyryşyň prezident formasyny makulladylar.

düýn 16:51
5.1k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....