Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

  • 04.12.2020 08:27
  • 3.1k+

3-nji dekabrda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we italiýaly diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.
Bu babatda özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, göni işewür gatnaşyklary höweslendirmek, maýa goýum işi üçin uly mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow we italiýaly diplomat ýangyç-energetika ulgamyny, senagat toplumyny, ýeňil senagaty we beýleki birnäçe pudaklary özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.
Ýangyç-energetika toplumy barada aýdylanda bolsa, tutuş dünýäde meşhur bolan “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýändigi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny bellediler. Dokma pudagynda hem, hususan-da, ýurdumyzyň kärhanalaryny ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy.

düýn 16:51
5.1k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....