Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 30.11.2020 06:01
  • 23k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleriniň esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belleýär.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň haklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde ABŞ-nyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünliklikleri gazanmagy arzuw etdi.

şu gün 14:49
1.3k+

Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görlüp başlandy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşykda şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy...

şu gün 14:20
674

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Içerki ulag boýunça komitetiň 88-nji mejlisine gatnaşýar

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady. Halkara ulag syýasaty üçin möhüm meýdança bolan bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B...

düýn 17:02
2.3k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...

düýn 14:09
1.5k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi...