Türkmenistan we BAE özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

  • 15.10.2020 11:11
  • 2.9k+

Düýn ýurdumyzyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasarynyň wideomaslahat görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketlere seredip, sebit we halkara gün tertibi boýunça nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly dünýäde emele gelen ýagdaýa uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi babatda pikirleri alyşmak maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy.

şu gün 16:12
459

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....

şu gün 14:35
421

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

düýn 10:36
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň......

düýn 07:55
10k+

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerini jemledi

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk......