Ýylyň jemi boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% artyp biler

  • 19.09.2020 15:26
  • 4.7k+

Anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer G.Müşşikow 2020-nji we 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamasy barada hasabat berdi.
Makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermelere laýyklykda, 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artyp, şunda umumy jemde senagat pudagynyň paýynyň 27,1 göterim, oba hojalygynyň 11,4 göterim, gurluşyk pudagynyň 8,6 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň 11 göterim, söwdanyň 19,3 göterim we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň 22,6 göterim möçbere deň bolmagy meýilleşdirilýär.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň şu ýylda jemi içerki önümiň 19,4 göterimine deň bolmagyna garaşylýar.
Wise-premýer şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum maksatnamasynyň deslapky taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Resminamalar milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyndan we tabşyryklaryndan hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanyldy.
Şunda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, pudaklaryň Prezident maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ösüş görkezijileri olaryň hakyky mümkinçiliklerine we emele gelmegine garaşylýan hasaplamalara laýyklykda takyklanyldy.
Wise-premýer geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berip, çykdajy we girdeji böleklerinde göz öňünde tutulan serişdeler barada habar berdi. 2021-nji ýylda maliýe serişdeleriniň uly möçberi bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygy, döwlet hyzmatlary ulgamlaryny ösdürmäge gönükdiriler. Şonuň bilen birlikde, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş-medeni ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdiriler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça esasy hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, ykdysady babatda geljek ýylyň hem şu ýyl ýaly çylşyrymly bolmagyna garaşylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ähli meselelerine ýene-de bir gezek düýpli seretmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we resminamanyň taslamasy işlenip tamamlanandan soň, ony Türkmenistanyň Mejlisine ibermegi tabşyrdy.

düýn 22:25
1.7k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi birnäçe duşuşyklary geçirdi: syýasat, ykdysadyýet we lukmançylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek......

düýn 09:20
2k+

Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň......

düýn 00:07
7.9k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerine seretdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi diýip,......

03.04.2026 16:12
2.3k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....