Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 02.08.2020 13:26
  • 18k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit koksyny satyn aldylar. Russiýadan, Özbegistandan we Owganystan telekeçiler ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni («Türkmengaz» DK) satyn aldylar.
Şeýle hem daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa we Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 113 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ermenistandan hem-de Owganystandan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 767 müň manatlykdan gowrak bolan el haly önümlerini we nah ýüplükleri satyn aldylar.

düýn 16:51
5.5k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2.3k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
12k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....