BSGG we ÝUNISEF pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri babatda habar beriş serişdeleri üçin brifing geçirdi

  • 28.07.2020 16:59
  • 15k+

Şu gün Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.
Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Poulina Karwowska bilen ÝUNISEF-iň wekili Kristina Weýgand dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda şahsy arassaçylyk düzgünleri we hapalanan howanyň ýaramaz täsirinden goranmak ýaly meseleleri halkyň içinde wagyz etmek işlerine aýratyn üns berildi.
Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagyna ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar.
Brifingiň ahyrynda çökgünli ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alşyldy. Çärä gatnaşyjylar durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler.

şu gün 00:00
543

Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas......

düýn 22:20
1.6k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

düýn 11:21
4.9k+

Hytaýly bedenterbiýe mugallymy 30 ýylyň dowamynda 300-e golaý hossarsyz çagany terbiýeledi

Hytaýyň Anşan şäherinden 52 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Baý Szýan soňky 30 ýylyň içinde ene-atasynyň gözegçiliginden mahrum bolan 276 çagany öz hossarlygyna aldy....