Aşgabatda «Altyn köl» dynç alyş zolagy açyldy

  • 15.06.2020 22:55
  • 10k+

15-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Döwlet Baştutany täze dynç alyş toplumynyň işgärlerine halkymyzyň saglygyny berkitmek, dynç alşyny talabalaýyk guramak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu köli «Altyn köl» diýip atlandyrmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Dabaranyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew kölüň ýakasynda Aşgabat şäher häkimligine, senagat-gurluşyk toplumyna, nebitgaz toplumyna hem-de hukuk goraýjy edaralara desgalary gurmak üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy, suwa düşülýän zolak abadanlaşdyrylýar, dynç alyş zolagyna barýan ýollar tertibe salynýar, ýanaşyk çäklerde arassaçylyk işleri geçirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze dynç alyş zolagynyň açylmagy we onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri metbugatda beýan etmek babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşygy geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem türkmen Lideri wise-premýer Ş.Durdylyýewe şu günki taýýarlanan taslamalaryň esasynda kenarýakasynyň ähli gurluşyklarynyň hem-de onuň desgalarynyň şekilini taýýarlamagy tabşyrdy. Olara sentýabr aýynda seretmek göz öňünde tutulýar we taslamalar tassyklanan ýagdaýynda, dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de giňeltmek hakyndaky degişli çözgüt kabul ediler diýip, döwlet Baştutany belledi.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen bir hatarda ýurdumyzda raýatlarymyzyň oňat dynç alyp bilýän hem-de saglyklaryny berkidip bilýän şypahanalaryň we saglyk merkezleriniň bina edilýändigini belledi.
Kölüň kenarynda dynç almak isleýän raýatlarymyz Talyplar saglyk öýünde, daşary ýurtly raýatlar bolsa paýtagtymyzdaky Halkara kelle we boýun keselleri bejeriş merkezinde lukmançylyk gözegçiliginden geçip bilerler hem-de 14 günüň dowamynda güýji bolan degişli kepilnamany alyp bilerler. Şeýle hem ministr dynç alyş zolagynyň ähli çäginde zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilendigini hem-de şeýle çäreleriň bu ýerde yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy.
Dynç alýanlar dynç alyş zolagynyň girelgeleriniň ikisinde Içeri işler ministrligi tarapyndan gurnalan beketlerde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli bolar. Kölde suwa düşmek düzgüni ir sagat 9-dan 19-a çenli aralykda kesgitlenildi.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy O.Suhanow 11, 7 we 82 belgili ýolagçy awtobuslarynyň «Altyn köle» yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirjekdigini habar berdi.
Soňra bilim ministri M.Geldinyýazow bu ýerde dynç almaga isleg bildirýän çagalara olaryň ata-eneleriniň Aşgabat şäheriniň bilim müdirliginden degişli resminamalary alyp biljekdiklerini aýtdy.
Döwlet Baştutany bu çäreleriň dynç alyş zolagynyň umumy düzgünnamasyna we halkara işinde toplanylan döwrebap tejribä laýyk ýagdaýda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi kölüň kenarynda dynç alyş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetli bolar
Gurbanguly Berdimuhamedow suwa düşmek möwsüminde howpsuzlygyň doly derejesini kesgitlenen talaplara we düzgünlere laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady hem-de dynç alyş zolagynda halas ediş gullugynyň işini, şeýle hem tertip-düzgüne gözegçilik etmek boýunça beýleki çäreleri guramaga örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Degişli ministrlikler tarapyndan bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik amala aşyrylmalydyr.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Sport we bedenterbiýe institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň bu ýerde tejribe geçmekleriniň, olaryň yzygiderli nobatçylygynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz «Altyn kölüň» kenarynda döredilen dynç alyş zolagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde degişli müdiriýeti döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu düzümiň ýolbaşçy wezipesine B.Süleýmanowy bellemek kararyna gelendigini mälim etdi.
Geljekde işgärleriň sany artar, çünki, bu iri taslama sebiti ösdürmäge itergi berer hem-de uly toplum az wagtdan paýtagtymyzyň özbaşdak dolandyryş – çäk bölegine öwrülip, ol Altyn etrap diýlip atlandyrylar diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de täze ýolbaşça öňünde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Häzirlikçe bolsa bu ýerde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň şahamçasyny döretmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

düýn 23:46
885

«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy...

düýn 20:11
1.2k+

Beýik Britaniýa iOS we Android ulgamlaryna ulanyjynyň ýaşyny barlaýan funksiýany ornaşdyrmagy teklip edýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri tehnologiýa kompaniýalaryna ýüzlenip, iOS we Android ýaly mobil operasion ulgamlaryna has şahsy mazmunly suratlary awtomatik bloklaýan algoritmleri başlangyç sazlamalar hökmünde ornaşdyrmagy teklip etdiler...

düýn 19:15
3.9k+

Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär

Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy...

düýn 15:28
2.4k+

Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy

Amazon MGM Studios özüniň YouTube kanalynda "The Sheep Detectives" (Goýun detektiwleri) atly komediýa filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Kinokartinanyň dünýä premýerasyna 2026-njy ýylyň maý aýynda garaşylýar...