Aşgabadyň demirgazygynda Gurtly kölüniň çäginde dynç alyş maksatly zolak dörediler

  • 28.05.2020 22:30
  • 15k+

28-nji maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde, dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde dynç alýan dürli ýaşdaky adamlaryň dynç almagy üçin niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, suw attraksionlaryny hem öz içine alýan iri toplumyň gurulmagy hem-de degişli düzümleriň döredilmegi wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýakyn geljekde bu ýerleriň şäher ilatynyň we onuň myhmanlarynyň söýgüli künjegine öwrüljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň garamagyna kölüň kenarynda üç zolak boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi we bu ýerde dynç alyş düzümlerini döretmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenilýän taslamalaryň hatarynda tomusky çaýhanalar, azyk harytlary dükany, sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş bassyrmalary bar. Şeýle hem ol ýerde işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, saglyk nokady, «Tiz kömek» ulaglary üçin awtoduralga we gözegçilik diňleri bar.
Görkezilen taslamalar bilen tanşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi we bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty hem-de onuň myhmanlary üçin häzirki zaman ähli amatlyklary bolan dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde dynç alyş düzümine degişli desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, dynç almaga gelýänler üçin awtoduralgalaryň gurulmagynyň hem-de bu ugra ýolagçy awtobuslarynyň, taksileriň gatnawynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda kottej jaýlarynyň, çaýhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň gurulmagy babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

şu gün 11:08
277

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
520

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
2.9k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...

düýn 19:39
4.8k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi...