«Forbes»: Lionel Messi — 2019-njy ýylyň iň köp pul gazanan sportsmeni

  • 14.12.2019 11:44
  • 4.2k+

«Forbes» žurnaly 2019-njy ýylyň dowamynda iň köp pul gazanan sportsmenleriň reýtingini düzdi. Sanawda birinji orna «Barselonanyň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi eýe boldy. Futbolçynyň 2019-njy ýyldaky girdejisi 127 million dollar möçberinde bahalandyryldy.
Ikinji ýerde «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu (109 mln dollar), üçünji ýerde — «PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmar (105 mln dollar) gelýär.
Messi bu sanawda ilkinji gezek birinji orna düşdi.
Seredilip geçilýän serişdelere aýlyk-zähmet haklary, baýraklar üçin tölegler, höweslendirmeler we hemaýatkärlik şertnamalary girýär.

şu gün 07:09
594

Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy

Niderlandly türgen Harri Lawreýsen welotrek boýunça 20-nji gezek dünýäniň çempiony boldy. Bu netijäni ol Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. Lawreýsen dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir ýaryşda dört altyn medal gazanmagy başaran ilkinji welosipedçi boldy...

şu gün 06:57
467

Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir...

düýn 14:39
1.3k+

Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi...

düýn 12:10
5.6k+

«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy...