UFC-niň prezidenti Nurmagomedow - Makgregor rewanşynyň haçan boljakdygyny aýtdy

  • 13.12.2019 07:21
  • 12k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) prezidenti Dana Uaýt ýeňil agram boýunça guşagyň eýesi Habib Nurmagomedowyň we iki diwizionda guramanyň eks-çempiony Konor Makgregoryň arasynda rewanş geçirmek barada pikirlenip görmegi üçin, olaryň ilki bilen özleriniň indiki göreşlerini ýeňmelidiklerini habar berdi.
«Nurmagomedowyň Fergýuson bilen göreşine razylyk alyndy. Eger Habib Toniden, Konor Makgregor bolsa Donald Serroneden üstün çyksa, onda gün tertibinde Makgregor bilen Nurmagomedowyň nobatdaky göreşi bolar» - diýip, Uaýt BT Sport-a beren interwýusynda belleýär.
Russiýaly we irlandiýalynyň türgeniň arasyndaky ilkinji göreş 2018-nji ýylyň oktýabrynda UFC 229 turnirinde geçirildi, şonda Nurmagomedow ýeňiş gazandy.
Belläp geçsek, ýaňy-ýakynda Nurmagomedow Mekgä bardy. Ol eýýäm ikinji gezek zyýarat etdi. Birinji gezek ol Saud-Arabystanda 2016-njy ýylyň ahyrynda bolupdy.

düýn 16:49
2.1k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.5k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
5.2k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...