Peläniň futbolkasy auksionda 30 müň ýewro satyldy

  • 09.12.2019 23:32
  • 3.1k+

Turindäki auksionda Peläniň Braziliýanyň ýygyndy toparynyň düzümindäki iň soňky oýunda geýen futbolkasy satyldy.
Maglumatlara görä, ol 30 müň ýewro satyn alyndy. Futbolist ony milli toparyň düzümindäki 1971-nji ýylyň iýulynda Ýugoslawiýa garşy iň soňky oýnunda geýipdi.
Şeýle-de, auksionda italýan welosipedçi lider Fausto Koppiniň hem sary maýkasy satyldy (25 müň ýewro), bu maýkasynda ol 1952-nji ýylda “Tur de Frans”-da ýeňiş gazanypdy, “Ýuwentusyň” goragçysy Luçano Spinoziniň 1971-nji ýylda ýaryş ýarmarkasynyň Kubogynyň finalynda geýen futbolkasy (9,4 müň ýewro), “Napoli”-niň oýunçysy Diego Maradonanyň 1989/90-möwsümindäki futbolkasy (7,5 müň ýewro), şeýle-de Maýkl Jordanyň “Çikago Uaýt Soks” beýsbol klubynda çykyş edende ulanan taýagy (425 ýewro) hem auksionda satyldy.
Ýatlap geçsek, Pele taryhda dünýä çempionatynyň ýeke-täk üç gezekki çempiony hasaplanylýar. Braziliýanyň ýygyndysynda ol jemi 93 oýna gatnaşyp, 77 gol saldy.

şu gün 07:09
746

Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy

Niderlandly türgen Harri Lawreýsen welotrek boýunça 20-nji gezek dünýäniň çempiony boldy. Bu netijäni ol Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. Lawreýsen dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir ýaryşda dört altyn medal gazanmagy başaran ilkinji welosipedçi boldy...

şu gün 06:57
617

Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir...

düýn 14:39
1.3k+

Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi...

düýn 12:10
5.6k+

«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy...