Futzal boýunça Aziýa çempionaty — 2020-niň toparlary belledi boldy

  • 07.12.2019 06:04
  • 2.8k+

Aşgabadyň «Olimpiýa» myhmanhanasynda geljek ýylyň 26-njy fewraly — 8-nji marty aralygynda Türkmenistanda boljak futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygy geçirildi.
Onuň jemi boýunça Aziýa yklymynyň iň oňat futzal toparlarynyň 16-sy dört topara bölündi.
«A» toparyna Türkmenistanyň ýygyndy topary bilen birlikde Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary düşdi.
«B» toparyna Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň we Ýaponiýanyň toparlary girdi.
«C» toparynda Indoneziýanyň, Hytaýyň, Bahreýniň we Özbegistanyň toparlary güýç synanyşarlar.
«D» toparyna giren Saud Arabystanynyň, Koreýa Respublikasynyň, Tailandyň ýygyndy toparlary bolsa futzal boýunça Aziýa futbol konfederasiýasynyň häzirki çempiony bolan Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy topary bilen bäsleşerler.
Ýaryşyň toparlaýyn tapgyry 26-njy fewraldan 2-nji marta çenli dowam eder. Şondan soňra utulan toparlar oýundan çykarlar. Bäsleşigiň bu tapgyryna her topardan iň güýçli ýygyndy toparlaryň ikisi gatnaşar.
8-nji martda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň ýeňijisi hem-de 2020-nji ýylda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin arzyly ýollanmalaryň bäşisine mynasyp bolanlar yglan ediler. Dünýä çempionatyna ýarym final oýunlarynda üstünlik gazanan toparlaryň dördüsi, şeýle hem birinjilik ugrundaky bäsleşikde bäşinji orny eýelän topar gatnaşar.

düýn 16:49
2.1k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.5k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
5k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...