Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 4 orun öňe süýşdi

  • 28.11.2019 17:28
  • 5.9k+

2019-njy ýylyň noýabryndaky ýagdaý boýunça FIFA-nyň milli ýygyndylaryň reýtingi boýunça täzelenen nusgasy neşir edildi. Bu barada Turkmenportal Halkara futbol federasiýasynyň saýtyna salgylanyp habar berýär. Reýtingde dünýäniň iň güýçli futbol ýygyndylarynyň üçlügi üýtgewsiz galdy: Belgiýa liderligi saklaýar, soňra Fransiýa we Braziliýa gelýär.
Geçen gezekki reýtingde 133-nji orny eýelän Türkmenistanyň ýygyndysy bu gezek 4 basgançak ýokarlanyp, 129-njy boldy. belläp geçsek, şu aýda milli ýygyndymyz Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde KHDR (3:1) we Şri-Lanka (2:0) garşy duşuşyklary üstünlikli geçirdi.
Saýlama tapgyrda Türkmenistanyň bäsdeşleri reýtingde şu ýerleri eýelediler: Koreýa Respublikasy (41-nji ýer), Liwan (89-njy ýer), KHDR (116-njy ýer), Şri-Lanka (205-nji ýer).

şu gün 16:49
1.4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

şu gün 15:54
4.6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

şu gün 15:49
3.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

şu gün 12:33
1.5k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...