Türkmenistanyň Prezidenti Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň resmi nyşanlaryny makullady

  • 23.11.2019 17:01
  • 3.8k+

Anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty bilen baglylykda, bije atyşmak çäresine görülýän taýýarlyk hem-de onuň işlenip taýýarlanylan resmi nyşanlary barada habar berdi. Şol nyşanlaryň nusgalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Döwlet Baştutany indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Futzal boýunça Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görmek baradaky meselä geçmek bilen, Bitarap Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde eýeleýän ornuny berkidýändigini, abraýly halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda uly üstünlikleri gazanýandygyny nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki Futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyryp, çempionatyň resmi nyşanlarynyň nusgalaryny makullady. Bu çempionat Aziýa sebitiniň sport durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüler.

şu gün 16:49
1.4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

şu gün 15:54
4.6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

şu gün 15:49
3.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

şu gün 12:33
1.5k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...