Habib MMA-nyň taryhyndaky iň gowy göreşijiniň adyny aýtdy

  • 23.11.2019 10:37
  • 9.4k+

UFC-niň 31 ýaşly rus çempiony MMA-nyň taryhyndaky iň gowy göreşijileri atlandyrdy, şeýle-de garyşyk başa-baş göreşiň taryhynda kimi iň gowy türgen diýip hasaplaýandygyny aýtdy.
“UFC-de birinji ýerde – Žorž Sen-Pýer. Ol hem gözenekde, hem daşynda çempion boldy. Ikinji ýerde – Jon Jons. Üçünjide – 11 gezek titulyny goramagy başaran Demetrius Jonson. Ýöne UFC-den daşynda we umuman, MMA-da birinji ýerde Fýodor Ýemelýanenko – TACC-a beren interwýusynda Nurmagomedow mälim etdi. 
Meşhur Fýodor Ýemelýanenkonyň hasabynda 35 ýeňiş we alty ýeňliş bar. “Soňky Imperatoryň” indiki göreşi 29-njy dekabrda Tokioda geçer, 43 ýaşly göreşijiniň garşydaşy amerikanly Kwinton Jekson bolar.

düýn 19:09
6.4k+

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 17:08
6.7k+

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy...

düýn 14:26
1.9k+

Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler...

düýn 14:09
4.9k+

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi...