Nurmagomedow MMA göreşijileriniň adaty adamlar üçin howpludygy barada gürrüň berdi

  • 18.11.2019 11:18
  • 7.1k+

Garyşyk göreş sungatynyň (MMA) rus göreşijisi Habib Nurmagomedow köçede başa-baş göreşiň ulanylmagy bilen bagly öz pikirini aýtdy. Göreşijiniň janköýerler bilen duşuşygy You-Tube-kanalynda RT-de goýuldy.
31 ýaşly Nurmagomedow “özüni gorap bilmeýänler” bilen dawa giren ýagdaýynda göreşijiniň özüniň türgenlik hereketlerini ulanmaly däldigini belledi. “Men, eger-de sen köçede başa-baş göreşi ulansaň, onda ol sowuk ýaraga barabar bolmaly diýip hasaplaýaryn” – göreşiji aýdýar. Ol taýýarlyksyz adamyň hatda ýykylan wagtynda hem goranyp bilmeýändigini, munuň bolsa düýpli ýagdaýlara getirjekdigini belledi. 
Awgustda irlandiýaly göreşiji Konor Makgregoryň Dublindäki barda 50 ýaşly adamynyň sportsmeniň adyny göterýän wiski görnüşini datmakdan ýüz öwrendigi üçin urandygy belli bolupdy. Irlandiýaly göreşiji munuň üçin kazyýetde jogap bermeli boldy: 1114 dollar jerime töledi, şeýle-de ejir çekene töleg berdi, ýöne onuň näçedigi aýan edilenok.  Nurmagomedow Absolýut göreş çempionatyndaky (UFC) çykyşlary bilen belli. Sentýabrda ol ýeňil agram boýunça Abu-Dabide turnirde amerikanly Dastin Porýeden üstün çykyp, ikinji gezek özüniň çempionlyk guşagyny gorady. Habib Nurmagomedow agram kategoriýalaryny hasap etmezden UFC-niň göreşijileriniň reýtinginde ikinji setiri eýeleýär. Rus göreşiji diňe ýarym agramlykdaky çempion Jon Jonsdan pesde durýar.

düýn 16:49
2k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
4.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.7k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...