Çempionlar Ligasynyň finaly 2024-nji ýylda ABŞ-da geçmegi mümkin

  • 16.11.2019 00:44
  • 2.6k+

Eger-de taraplar ylalaşsa, iň abraýly ýewrokubok turniriniň finaly taryhda ilkinji gezek ummanyň aňyrsynda geçiriler.
ABŞ futbol boýunça Çempionlar Ligasynyň finalyny 2023/2024-möwsümde kabul etmegi mümkin, Morning Consult salgylanma bilen Daily Mail habar berýär.
HBS-iň maglumatlaryna görä, UEFA-nyň gyzyklanmalary bilen tanyş edýän şweýsar agentligi potensial hyzmatdaşlara we HBS-iň hukuk eýelerine guramanyň aýgytlaýjy göreşi Nýu-Ýorkda geçirmek baradaky gyzyklanmasyny habar berdi. Final Nýu-Jerside 82550 tomaşaçy ýerleşýän “Metlaýf Stadium” stadionynda geçmegi mümkin.
UEFA-nyň wekilleri bu sorag boýunça eýýäm duşuşyk geçirdiler. Eger-de gepleşikler üstünlikli tamamlansa, onda Çempionlar Ligasynyň finaly taryhda ilkinji gezek Ýewropanyň çäginden daşda geçer.
Dogrusy, UEFA-dan hem, amerikan tarapdan hem heniz resmi teswirlemeler ýok.
Öň UEFA Çempionlar Ligasynyň final oýnunyň 2021-nji ýylda Sankt-Peterburgda, 2022-nji ýylda Mýunhende, 2023-nji ýylda Londonda geçiriljekdigini mälim etdi.

düýn 16:49
2.1k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.5k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
5k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...