Türkmen futbolçylary KHDR-iň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar

  • 14.11.2019 22:36
  • 3.3k+

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde KHDR-iň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň saýtynyň habar berşi ýaly, paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (23), Arslanmyrat Amanow (73) hem-de Wahyt Orazsähedow (88) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Myhmanlaryň topuny italýanlaryň “Ýuwentusynda” çykyş edýän Han Kwan Son geçirmegi başardy. Bu duşuşyk 26 müň töwerek janköýeriň şaýatlygynda geçirildi.
Saýlama tapgyrçadaky dördünji duşuşygyny geçiren milli ýygyndymyz 6 utuk toplamagy başardy. 7 utukdan toplan Koreýa Respublikasynyň hem-de KHDR-iň ýygyndylary “H” toparçada öňdäki orunlary eýeleýärler.
Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky nobatdaky duşuşygyny 19-njy noýabrda Şri-Lankanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

şu gün 16:49
1.4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

şu gün 15:54
4.6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

şu gün 15:49
3.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

şu gün 12:33
1.5k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...