Kriştianu Ronalduny iki ýyl futboldan çetleşdirmekleri mümkin

  • 13.11.2019 00:08
  • 7.6k+

“Ýuwentusyň” oýunçysy, ýagny “Milan” bilen bolan oýunda oýunçy çalşyrygyndan soň tälimçiniň elini gysman, oýun gutarmanka stadiondan giden Kriştianu Ronaldunyň töweregindäki dawa barha güýjeýär. Käbir ekspertler portugaliýaly oýunça uzak wagtlyk – 2 ýyla çenli diskwalifikasiýa boljakdygyny aýdýarlar. Onuň sebäbi – antidoping düzgünleri.
Вести.Ru-nyň habar bermegine görä, Ronaldu Seriýa “A”-nyň 12-nji tapgyr oýnunda özüniň başga bir oýunçy bilen çalşyrylmagyndan närazy bolýar we ol “Ýuweniň” baş tälimçisi Maurisio Sarriniň elini gysmaýar. Şondan soň portugaliýaly oýunçy ätiýaç oýunçylaryň oturgyçlarynyň ýanyndan geçip, geýim çykarylýan otaga gidýär we ahyrky jürlewüge birnäçe minut galanda “Staraýa sinýora” meýdançasyny taşlap gidýär.
Klub we Sarri Kriştianuny bagyşlamaga taýýar, ýöne hünärmenler Seriýa “A”-nyň ýolbaşçylarynyň bu wakany çözmelidiklerini we öte geçen ýyldyza çäre görmelidigini berk nygtaýarlar. Çünki oýna gatnaşyjylaryň hiç biri doping üçin barlag geçirilmänkä, sebäpsiz oýun ýerinden gidip bilmeýär. Barlag saýlama görnüşinde geçirilýär, ýöne antidoping hyzmatynyň ofiserleriniň kimi barlajakdygyny hiç kim öňünden bilmeýär.
“Ronaldu stadiondan oýun gutarmanka gitdi? – Чемпионат.Com “Romanyň” we Italiýanyň ýygyndy toparynyň öňki oýunçysy Antonio Kassanodan sitata getirýär. –Bu gadagan, sebäbi oýundan soň doping-barlag geçirilýär. Ýadymda, “Lasio” bilen oýun wagtynda men ikiýyllyk diskwalifikasiýadan gaçmak üçin stadiona dolanmaly bolupdym”.

şu gün 16:49
1.4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

şu gün 15:54
4.6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

şu gün 15:49
3.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

şu gün 12:33
1.5k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...