Futbol boýunça milli ýygyndymyz DÇ-niň wajyp oýunlaryna taýýarlyk görýär

  • 12.11.2019 06:13
  • 3.2k+

Dünýä çempionaty 2020-niň saýlama tapgyrlaryna taýýarlyk görýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy türgenleşik işlerini ýaýbaňlandyrdy.
Aşgabatdaky “Sport” myhmanhanasynda düşlän milli ýygyndymyzyň türgenleşik işleri “Nusaý” stadionynda geçirilýär.
8-nji noýabrda badalga alan Ante Mişeniň tälim berýän ýygyndy toparymyzyň türgenleşikleri günde bir wagtyna geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk 14-nji noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyny topary KHDR-iň ýygyndy toparyny kabul eder. 19-njy noýabrda bolsa Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary altynjy tapgyryň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparyny kabul eder.
16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi-de paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

şu gün 16:49
1.4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

şu gün 15:54
4.6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

şu gün 15:49
3.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

şu gün 12:33
1.5k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...